Türkmenistanyň Prezidenti doglan güni mynasybetli Moskwada geçiriljek Ýeňiş paradyna gatnaşyp bilmez

  • 19.06.2020 22:23
  • 15k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyp bilmez. Munuň özi türkmen Lideriniň 29-njy iýunda 63 ýaşynyň dolmagy, ýagny Muhammet Pygamberiň ýaşyna ýetmegi bilen baglanyşyklydyr. Milli däplere laýyklykda, bu sene maşgalalaryň, dogan-garyndaşlaryň we ýakynlaryň hem-de tutuş halk bilen bilelikde bellenilýär. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy iýunda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde aýtdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Russiýanyň paýtagtynda geçiriljek dabaraly harby ýörişe ýurdumyzyň harby gullukçylary gatnaşarlar. Goranmak ministri, general-maýor B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Moskwada geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşjak wekiliýetine ýolbaşçylyk eder.
Häzirki döwürde koronawirus ýokanjynyň dowam edýändigini nazara alyp, oňa garşy täze karantin çäreleri ýola goýuldy. Onuň düzgünine laýyklykda, daşary ýurtlardan sapardan gelen her bir adam iki hepdeläp karantin ýagdaýynda bolmaly. Bu bolsa daşary ýurtlara sapara gitmegiň mümkin däldigini alamatlandyrýar.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......