Türkmenistan we ÝB COVID-19-yň durmuş-ykdysady täsirleriniň azaldylmagy pikir alyşdy

  • 18.06.2020 23:03
  • 7k+

18-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» Adam hukuklary boýunça gatnaşyklaryň çäklerinde geçirilen nobatdaky mejlisiň barşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň raýat jemgyýetiniň ösdürilmegi, kanunyň hökmürowanlygy we kazyýet özgertmeleri, COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady täsirleriniň azaldylmagy boýunça taraplaryň özara hereketleriniň işjeňleşdirilmegi ýaly ileri tutulýan ugurlar babatda pikir alşyldy.
Onlaýn duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar halkara we ýerli resminamalaryň çäklerinde adamlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň, Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de beýlekiler gatnaşdylar. Mejlisde ýewropa tarapyna Ýewropanyň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri wekilçilik etdiler.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......