Alymlar antibedenjikleriň koronawirusa durnuklylygyny bahalandyrdylar

  • 18.06.2020 22:01
  • 4.6k+

Alymlar koronawirusa garşy immunitetiň ýüze çykyp bilmek mümkinçiligini şübhe astyna aldylar, sebäbi antibedenjikler oňa garşy durnuksyz bolýarlar. Degişli barlag medRxiv.org portalynda neşir edildi. Bu barada ria.ru habar berýär. Hünärmenleriň pikiriçe, COVID-19-dan gutulanlarda wirusdan uzak wagtlaýyn goragy kepillendirýän antibedenjikler ösüp bilmez. Şonuň üçin gaýtadan keselläp bilmek howpy bar.
Hytaý we amerikan hünärmenleri Uhan şäherinde infeksiýanyň ýüze çykmagynyň irki tapgyrynda bolan adamlar bilen gönüden-göni gatnaşyk eden lukmanlarda immunitetiň ýüze çykmagy boýunça maglumatlary öwrendiler. Netijede kesellänleriň paýynyň, takmynan, 25 göterime barabardygyna garamazdan, antibedenjiklere 23 müň adamdan diňe dört göteriminiň eýedigi anyklanyldy.
“Adamlarda bu wirusa garşy uzak wagtlaýyn antibedenjikleriň dörejekdigi gümana” – diýlip, makalada bellenilýär.
Antibedenjikler – bu wirusy we adamyň organizmine daşyndan düşýän beýleki patogenleri bitaraplaşdyrýan ganyň belogy. Her bir patogen üçin organizm gutulansoň birnäçe wagtlap ganyň düzüminde galýan ýörite antibedenjikleri döredýär. Olaryň käbirleri, esasanam, G immunoglobulinleri 12 ýyla çenli ýaşap bilýär.
Hünärmenler syrkawlaryň on göteriminden gowragynda antibedenjikler organizmden olar gutulandan soň bir aýyň içinde ýitendir diýen netijä geldiler. Şeýle-de, lukmanlar koronawirusa garşy immunitet keseli ýeňil ýa-da agyr formada geçiren adamlarda döräp bilmez diýip hasaplaýarlar.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......