Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

  • 17.06.2020 23:08
  • 9.5k+

17-nji iýunda Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, daýhan hojalyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutany dikuçarda Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän ak ekin meýdanlarynyň ýanyna geldi. Bu ýerde türkmen Lideri gallaçy-kärendeçi Tagandurdy Baýramgulyýewiň ekin meýdanynyň ýanyna gelip, ekerançynyň işleri, kärendesine alan ýeriniň möçberi, bugdaýyň hasyllylygy, şeýle hem daýhanlar üçin döredilen mümkinçilikler bilen gyzyklandy.
Soňra döwlet Baştutany mehanizator Gurbanberdi Tuwakgelew bilen söhbetdeş boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow galla meýdanynyň başynda duran «John Deere» kysymly kombaýna münüp, ony herekete girizdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly tehnikalarynyň satyn alynmagy, pudaga täzeçil usullary ornaşdyrylmagy babatda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, tehnikalary netijeli we doly güýjünde peýdalanmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra döwlet Baştutany köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş bolup, olara anyk tabşyryklar berdi. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň taryhyň dowamynda toprak, ekerançylyk, çarwaçylyk hem-de zähmetiň nesil terbiýesinde eýeleýän orny barada köpsanly nakyllary, pähimleri, paýhasly jümleleri döredendikleri aýdyp, olardan mysal getirdi. «Ýeriňi güýz sür, güýz sürmeseň, ýüz sür», «Ýeriň köki hor eder — malyň köpi baý eder», «Suw zerdir — suwçy bolsa zergär», «Suw hasylyň enesidir», «Suwly ýer gülli, suwsuz ýer bolsa ýelli», «Hasyly bitirýänem suw, ýitirýänem suw», «Ýagmyr bilen ýer gögär, alkyş bilen är», «Baýlygyň enesi – ýer, atasy – zähmet», «Daýhandan hereket, ýerden bereket», «Ir eken harman alar, giç eken — arman», «Ýeriň görki galla, adam görki elle», «Ekseňem doýraryn, sökseňem doýraryn», «Oty köpüň maly dok», «Düýe maly — dünýe maly».
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow ata-babalarymyzyň döreden şu pähimlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna bereket öndürýän daýhanlarymyzyň, mehanizatorlaryň, sürüjileriň çekýän asylly zähmetlerini wasp etmeklerini tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutany Bereket etrabynyň «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň ekerançylyk ýerleriniň we önümçilik desgalarynyň ýerleşýän ýerine bardy. Döwlet Baştutany “Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Täçmyrat Tuwakow bilen gürrüňdeş bolup, onuň alyp barýan işleri, maşgala ýagdaýy, hojalygyň öndürýän önümleri hem-de onuň önümçilik desgalarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň telekeçileriniň ähli ugurlarda işjeňlik görkezýändiklerini kanagatlanmak bilen belläp, olaryň öndürijilikli zähmetiniň üpjün edilmegi ugrunda döwletimiziň mundan beýläk-de alada etjekdigini aýtdy.

düýn 22:44
595

OpenAI Cerebras-dan 10 milliard dollarlyk hasaplaýyş güýjüni satyn alar

OpenAI startap Cerebras Systems-den hasaplaýyş güýjüni satyn almak barada ylalaşyga gol çekdi. Şertnama laýyklykda, ChatGPT-ni işläp düzüjä üç ýylyň dowamynda 750 megawatta çenli serişdeler elýeterli bolar. The Wall Street Journal-yň ýazmagyna görä, şertnamanyň umumy bahasy 10 milliard dollardan hem geçýär...

düýn 16:51
6.2k+

Hytaý dünýä bazaryny polat bilen doldurdy: Eksportda täze rekord goýuldy

Söwda päsgelçilikleriniň bardygyna garamazdan, Hytaý geçen ýyly polat eksportynyň taryhy rekordy bilen tamamlady. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, diňe dekabr aýynda Hytaý daşary ýurtlara 11,3 million tonna polat iberip, 2015-nji ýyldaky iň ýokary görkezijisinden hem öňe geçdi...

düýn 15:28
5.3k+

Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 20,2 mlrd manatdan geçdi

2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanda bank kartlary arkaly amala aşyrylan nagt däl tölegleriň umumy möçberi 20,2 milliard manatdan geçdi. Bu barada «Bank habarlary» elektron žurnaly habar berýär...

düýn 14:30
3.1k+

HZG: 2025-nji ýylda dünýäde ýaş adamlaryň her bäşinjisi ne okady, ne-de işledi

2025-nji ýylda dünýäde her bäşinji ýaş adam ne okuw, ne-de iş bilen meşgullandy. Şeýle maglumatlar Halkara zähmet guramasynyň (HZG) häzirki ýyl üçin hasabatynda saklanýar. Hasabata görä, bilim, iş ýa-da hünär taýýarlygy bilen meşgullanmaýan ýaşlaryň paýy 20%-e ýetdi...