Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

  • 16.06.2020 23:22
  • 13k+

16-njy iýunda Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Bossan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryna gelip gördi. Bu ýerde türkmen Lideri gallaçy kärendeçi A.Berdiýewiň ýetişdiren hasyly, daýhanlar üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow mehanizator Orunbaý Gaýypow bilen gürrüňdeş boldy. Döwlet Baştutany kuwwatly däne orujy kombaýna mündi we kuwwatly tehnikany herekete girizip, bugdaý orup başlady.
Daşoguz şäherindäki Oba hojalyk institutynyň mugallymlary hem-de talyplary boş wagtlaryny kärendeçi daýhanlaryň arasyna gelip, olaryň armasyny ýetirip durýarlar. Milli Liderimiz olar bilen gürrüňdeş bolup, talyplaryň okuwlary, saýlap alan hünärleri bilen gyzyklandy.
Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylara zähmetde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çäginde ýerleşýän «Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýyladyşhana toplumyna tarap ugrady.
Döwrebap ýyladyşhana toplumynyň ýanynda «Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Isaguly Garabaýew döwlet tarapyndan oba zähmetkeşlerine, hususy işewürlere yzygiderli kömek goldawlarynyň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize ýene bir ýola çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, yzygiderli bol hasylyň alynýandygynyň bu aladanyň netijesidigini buýsanç bilen habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow «Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysyna alyp barýan işinde ýene bir ýola üstünlik arzuw edip, oňa we onuň maşgala agzalaryna gymmat bahaly sowgadyny gowşurdy we döwletimiziň telekeçilere mundan beýläk-de ýakyndan goldaw berjekdigini aýtdy.
Soňra döwlet Baştutany bu ýerde Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynyň rektoryna ýüzlenip, ýokary okuw mekdebinde talyplara berilýän bilimiň tejribe bilen utgaşdyrylmagynyň geljekde oba hojalyk pudagynda işlejek ýaş hünärmenler üçin derwaýysdygyny belledi.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......