Gurbanguly Berdimuhamedow sebitlerde galla oragynyň alnyp barlyşy bilen gyzyklandy

  • 15.06.2020 22:37
  • 3.1k+

15-nji iýunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň dowamynda wise-premýer E.Orazgeldiýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşoguz hem-de Balkan welaýatlaryna boljak iş saparlaryna görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem bu sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek işlerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz sebitlerde galla oragynyň alnyp barlyşy bilen gyzyklanyp, möwsümiň guramaçylykly geçirilmeginiň, ýetişdirilen hasylyň ýitgisiz ýygnap alynmagynyň döwrüň möhüm wezipesidigini aýdyp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň günübirin geçirilmegini, möwsümde işleýänler üçin bolsa söwda we medeni çäreleri ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......