Türkmenistan WECOOP taslamasynyň birinji mejlisine gatnaşdy

  • 15.06.2020 22:30
  • 2k+

15-nji iýunda Daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa Birleşigi – Merkezi Aziýa iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň WECOOP taslamasynyň birinji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Belläp geçsek, Merkezi Aziýada bu taslama daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi we suw serişdeleri boýunça syýasaty ÝB-niň standartlaryna ýakynlaşdyrmak arkaly kämilleşdirmeklige, şeýle hem adam işjeňligi netijesinde döreýän daşky gurşawa zyýany azaltmak maksady bilen ykdysadyýetiň häzirki hereket edýän toplumlaryna «ýaşyl» maýalary ugrukdyrmaga gönükdirilendir.
Mejlisiň işine Ýewropa Komissiýasynyň Daşky gurşaw meseleleri boýunça Baş müdirliginiň bölümleriniň ýolbaşçylary, Italiýanyň Daşky gurşaw, ýer we deňiz serişdeleri ministrliginiň, ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň wekilleri, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça jogapkär hünärmenleri gatnaşdylar.
Türkmen tarapyndan birinji mejlisiň işine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hem-de Daşary işler ministrliginiň hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşykda daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB – MA iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň 9-njy mejlisinden soňra ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredilip geçildi, şol sanda çökgünlik ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen Toparyň Iş maksatnamasynyň hem-de WECOOP taslamasynyň Iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň depgini ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de 2021-nji ýylyň ýazynda Almata şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB – MA iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň 10-njy mejlisiniň ileri tutulýan ugurlaryna seredilip geçildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB – MA iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň şahsy duşuşyk formatyndaky mejlisiniň senesi hem-de gün tertibi ylalaşyldy.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......