Türkmenistan we Russiýa özara uçuşlaryň ýygylygy boýunça çäklendirmeleri aradan aýrar

  • 14.06.2020 21:58
  • 16k+

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy pandemiýa zerarly öň girizilen awiagatnawlar babatda birnäçe çäklendirmeleri aradan aýyrmak hakynda meselelerde umumy ylalaşyk gazandylar. Bu ylalaşyklar barada RF-iň ulag ministrliginiň döwlet syýasaty bölüminiň direktory Swetlana Petrowa Rushowaýollarynyň resmi saýtynda neşir edilen hatynda belleýär, diýip CentralAsia.news habar berýär.
Ministrligiň bölüminiň ýolbaşçysynyň habar bermegine görä, Türkmenistan we Russiýa iki ýurduň çäginden uçuş we gonuş nokatlaryň sanawy, bellenilen gatnadyjylary we olaryň bellenilen gatnaw ýygylyklary boýunça çäklendirmeleri aýyrmak boýunça ylalaşdylar.
Belläp geçsek, häzirki wagtda halkara gatnawlaryň wagtlaýyn ýatyrylandygy sebäpli Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda awiagatnawlar hereket etmeýär. Kada boýunça, ýurtlaryň arasynda uçuşlar howa gatnawyny amala aşyrmak hakyndaky ylalaşygyň esasynda amala aşyrylýar. Bu ylalaşykda iki tarapdan hem awiagatnadyjylaryň sany we ylalaşylan ugurlar boýunça uçuşlaryň ýygylygy berk çäklendirilýär.
Netijede, iki ýurduň arasyndaky awiagatnadyjylaryň sany düýpli artar, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky howa gatnawy bolsa has ýygjamlaşar. Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda hereket edýän awiagatnadyjylar S7 Airlines we «Türkmenhowaýollary» bolup durýar. Şeýle hem Russiýanyň Nordwind Airlines kompaniýasynda hem uçuş hukugy bar.

şu gün 14:27
330

Tesla we LG ABŞ-da 4,3 milliard dollarlyk batareýa zawodyny gurar

Tesla we LG Energy Solutions kompaniýalary ABŞ-da batareýa öndürýän zawod gurmak barada ylalaşdylar. Maýa goýumyň umumy möçberi 4,3 milliard dollara deň bolar we zawody 2027-nji ýylda açmak meýilleşdirilýär. Zawod Miçigan ştatynyň Lansing şäherinde ýerleşer...

şu gün 00:27
5.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

şu gün 00:11
1.6k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde CICA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary Kaýrat Sarybaý bilen gepleşikleri geçirdi...

düýn 16:36
3.2k+

Ispaniýada orta asyr galasynyň diňi ýykyldy

Ispaniýanyň Toledo prowinsiýasynda ýerleşýän orta asyra degişli Eskalona galasynyň diňi ýykyldy. Bu barada El País gazeti habar berdi. Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, bolan waka zerarly ejir çeken ýok, ýöne gynansak-da, halkyň taryhynyň bir bölegi welin, ýitirildi...