Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

  • 13.06.2020 23:33
  • 5.7k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiasion kerosini, gönüleýin benzin, awtobenzin, suwuklandyrylan gaz satyn aldylar.
«Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen dürli kysymdaky polietilen Russiýa Federasiýasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplügi satyn alyndy. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, Azerbaýjan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 381 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine BAE-niň, Türkiýäniň, Ermenistanyň işewürleri jemi bahasy 7 million 868 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi we haly önümlerini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million 200 müň manatlykdan gowrak bolan polipropileni satyn aldylar.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......