Elektron resminama dolanyşygyny girizmek we web-saýtlary döretmek işi işjeňleşdirilýär

  • 13.06.2020 22:38
  • 2.8k+

Ýakynda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanda awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamlaryny döretmegiň we işe girizmegiň meseleleri barada gürrüň edildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowyň beren hasabatyna laýyklykda, «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Karary amala aşyrmagyň çäklerinde häzirki wagtda internet web-saýtlary hereket edýär, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimliklerinde elektron resminama dolanyşygy ulgamy ýola goýuldy.
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň işlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk çäreler geçirilýär. Hyzmatlaryň ähli görnüşleri baradaky maglumatlar web-saýtlarda ýerleşdirilýär we olar yzygiderli täzelenilýär, elektron söwdasy işe girizildi.
Döwlet Baştutanynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşine geçirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, gazet-žurnallaryň web-saýtlary döredilýär, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri tarapyndan şolarda synag işleri geçirilýär.
Wise-premýer Türkmenistanyň degişli Kanunlaryny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýat we şäher häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamynyň döredilýändigini, bu işleri 2022-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

düýn 22:44
595

OpenAI Cerebras-dan 10 milliard dollarlyk hasaplaýyş güýjüni satyn alar

OpenAI startap Cerebras Systems-den hasaplaýyş güýjüni satyn almak barada ylalaşyga gol çekdi. Şertnama laýyklykda, ChatGPT-ni işläp düzüjä üç ýylyň dowamynda 750 megawatta çenli serişdeler elýeterli bolar. The Wall Street Journal-yň ýazmagyna görä, şertnamanyň umumy bahasy 10 milliard dollardan hem geçýär...

düýn 16:51
6.2k+

Hytaý dünýä bazaryny polat bilen doldurdy: Eksportda täze rekord goýuldy

Söwda päsgelçilikleriniň bardygyna garamazdan, Hytaý geçen ýyly polat eksportynyň taryhy rekordy bilen tamamlady. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, diňe dekabr aýynda Hytaý daşary ýurtlara 11,3 million tonna polat iberip, 2015-nji ýyldaky iň ýokary görkezijisinden hem öňe geçdi...

düýn 15:28
5.3k+

Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 20,2 mlrd manatdan geçdi

2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanda bank kartlary arkaly amala aşyrylan nagt däl tölegleriň umumy möçberi 20,2 milliard manatdan geçdi. Bu barada «Bank habarlary» elektron žurnaly habar berýär...

düýn 14:30
3.1k+

HZG: 2025-nji ýylda dünýäde ýaş adamlaryň her bäşinjisi ne okady, ne-de işledi

2025-nji ýylda dünýäde her bäşinji ýaş adam ne okuw, ne-de iş bilen meşgullandy. Şeýle maglumatlar Halkara zähmet guramasynyň (HZG) häzirki ýyl üçin hasabatynda saklanýar. Hasabata görä, bilim, iş ýa-da hünär taýýarlygy bilen meşgullanmaýan ýaşlaryň paýy 20%-e ýetdi...