Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyklaryň taslamalary bilen tanyşdy

  • 11.06.2020 23:18
  • 15k+

11-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň hojalyk düzümini kämilleşdirmek, degişli athanany gurmak, gök-bakja ekinlerini, miweçiligi ösdürmek, şeýle hem bu düzümlere degişli dynç alyş - sagaldyş merkezini bina etmek üçin niýetlenen ýerler we degişli taslamalar bilen tanyşdy.
Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda ozal gurlan we ulanylmaga berlen şeýle desgalar ýaly, täze athana hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir.
Döwlet Baştutany binagärlik nukdaýnazaryndan athanada şunuň ýaly desgalarda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan inženerçilik-tehniki çözgütler bilen milli binagärligiň nyşanlary jemlenmelidir diýip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde ýakyn geljek üçin goýlan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, her bir ýolbaşçynyň tabşyrylan işlere hem-de şol wezipeleriň ýerine ýetirilişine jogapkärli çemeleşmelidigini aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin gurulmagy meýilleşdirilýän dynç alyş-sagaldyş merkeziniň ýerleşjek ýerlerine bardy.
Hasabatyň çäklerinde bu giňişlikde harby we hukuk goraýjy edaralaryň her biriniň miweli baglary, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekleri üçin ýer bölekleriniň berlendigi barada giňişleýin maglumatlar aýdyldy we degişli çyzgylar görkezildi.
Milli Liderimiz görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen tanşyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň özlerine degişli ýer böleklerinde gök we bakja ekinlerini, ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek baradaky tekliplerini oňlady.
Soňra milli Liderimiz ak mermerli Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Döwlet münberiniň ýanyndaky Baş meýdança geldi. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna guraljak baýramçylyk çärelerine, aýratyn-da, harby ýörişe häzirki günlerden ykjam taýýarlyk görmek, möhüm syýasy ähmiýeti bolan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......