Türkmenistan we BMG COVID-19-yň täsirini aýyrmak boýunça çäreleri maslahatlaşdy

  • 11.06.2020 22:50
  • 5.4k+

Sebit we tutuş dünýä üçin COVID-19 pandemiýasynyň täsiri hem-de ony aradan aýyrmak boýunça görülýän çäreler Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) administratorynyň orunbasary we BMGÖM-niň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin edarasynyň direktory hanym Mirýana Spolýariç Egger bilen geçirilen onlaýn duşuşykda maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy howplara, hususan-da, koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşmekde syýasy-diplomatik gurallary ulanmak babatdaky başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy.
Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýiti ýokanç keseline taýýarlygyny üpjün etmek baradaky meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň dürli meseleleri barada pikir alşyp, bu ugurda görülýän tagallalary utgaşdyrmagyň hem-de BMGÖM bilen degişli hyzmatdaşlyk meýilnamasyny taýýarlamagyň wajypdygyny aýtdylar.
Taraplar saglygy goraýyş hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynda özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini aýratyn nygtadylar we BMG-niň Ösüş maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garadylar.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......