Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

  • 10.06.2020 23:08
  • 16k+

10-njy iýunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerlerde durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy, seýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutany Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde Amanberdi Pürsähedowyň kärende ýerine baryp gördi. Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçiniň işi, oňa döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlaryň netijeleri, daýhanyň alýan girdejisi, onuň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy.
Döwlet Baştutany kärendeçi daýhanyň ýerleri ekişe taýýarlamakdan hasyl ýygyşyna çenli ähli tapgyrlarda ýerine ýetiren işleri bilen gyzyklandy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Mary şäherinde ýerleşýän Döwlet energetika institutynyň okuwdan boş wagtlary gallaçylara kömek berýän talyp gyzlarynyň we mugallymyň asylly işleri ýerine ýetirýändiklerini belledi.
Soňra türkmen Lideri Oguzhan etrabynda alma bagyny ösdürip ýetişdirýän «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň ekerançylyk meýdanyna geldi.
Döwlet Baştutanyny bu hususy kärhananyň ýolbaşçysy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Toýly Çaryýew garşylady. Türkmen Lideri hususy kärhananyň gawun, garpyz, miweli baglar ýetişdirilýän ekinlerini gözden geçirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçä kesbinden kemal tapmagyny arzuw etdi hem-de oňa gymmat bahaly sowgadyny gowşurdy.
Mary welaaýatyna iş saparyny tamamlap, Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyza dolanyp geldi.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......