Hytaýda Tesla Model 3 elektromobiliniň satuwy 3 esse ýokarlandy

  • 10.06.2020 22:20
  • 4.7k+

Tesla kompaniýasy Hytaýda Tesla Model 3 elektromobiliniň satuwyny üç esse ýokarlandyrdy. Ýagny, maý aýynda çäkli sedanlaryň 11 095 sanysy alyjylara ýetirildi, aprel aýynda bu görkeziji 3635-e barabardy diýlip, ýeňil awtomobilleriň Hytaý assosiasiýasynyň (CPCA) maglumatlarynda getirilýär. Bu barada avtonovostidnya.ru habar berýär. Mart aýynda bolsa kompaniýa satuw boýunça erbet netije görkezmedi, ýagny şonda bu modelden 10 müňden gowragy satyldy.
Satuwyň ösüşine, ekspertleriň pikiriçe, Hytaýda diňe bir koronawirusy ýeňmek däl-de, eýsem çökgünlik sebäpli Tesla tarapyndan bahalaryň ep-esli peseldilmegi ýardam etdi. Meselem, Tesla Model 3 baza toplumynda indi 39 990 dollara däl-de, 37 990 dollara durýar, öň 79 990 dollar bolan Tesla Model S elektromobilini bolsa indi 5 müň dollar arzan satyn almak bolýar. Elektromobillere bolan islege Hytaýyň hökümetiniň awtomobil pudagyny goldamak üçin öz raýatlaryna täze ulaglary satyn alar ýaly pul kömegini bermegi hem ýardam etdi.
CPCA hünärmenleriniň pikiriçe, sanalyp geçilen faktorlaryň kömegi bilen Tesla ulaglarynyň satuw göwrümi Hytaýda ösmegini dowam etdirer, sebäbi häzire çenli Ilon Maskyň ulaglaryna bu ýerde hiç hili mynasyp bäsdeş ýok.
Amerikan kompaniýasynyň elektrik ulag serişdeleriniň önümçilik merkezi 2019-njy ýylyň güýzünde işe girizilen Şanhaýdaky kärhana boldy. Elektrokarlar ilkinji gezek konweýerden 2020-nji ýylyň ýanwarynda çykyp başlady.
Öň, Tesla-nyň elektromobillerini arzanlamaga getirmeli we olary 1 mln mil rekordly ätiýaç ýoly (1,6 mln km) bilen üpjün etmeli bolan innowasion akkumulýatoryň köpçülikleýin önümçilige taýýardygy belli boldy. Bu barada amerikan markasynyň inženerleri bilen özboluşly batareýi döretmekde iş alyp baran Contemporary Amperex Technology Ltd (CATL) kompaniýasy habar berdi.

düýn 11:57
4.7k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

10.04.2026 20:27
2.5k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....