Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

  • 09.06.2020 23:16
  • 13k+

9-njy iýunda Lebap welaýatynda iş saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutany Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Berdimyrat Narmedowyň ekin meýdanynyň çägine geldi. Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançynyň kärende meýdanynyň ýagdaýy, ýaşaýyş we iş şertleri, kärendeçilere döredilýän mümkinçilikler, ýetişdirilen hasylyň derejesi bilen gyzyklandy.
Soňra hormatly Prezidentimiz döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň kömegi bilen galla oragynyň barşy, hususan-da, «Class» we «John Deere» kysymly kombaýnlaryň işi bilen tanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragynda işledilýän «John Deere» amerikan kompaniýasynyň kombaýnlaryň işi bilen tanyşdy.
Soňra türkmen Lideri gök bakja ekinlerini we ýeralma ýetişdirmek bilen meşgullanýan «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň kärende ýerlerine baryp gördi we daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Rüstem Bäşimow bilen gürrüňdeş bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, kärende ýerleri, ýeralmanyň görnüşi hem-de onuň hasyllylyk derejesi bilen gyzyklandy.
Telekeçi döwlet Baştutanymyzy «Tebigy ekiniň» işi bilen tanyşdyryp, şu ýylyň fewral aýynda 370 gektar ýere ýeralmanyň «Gala» görnüşini ekendiklerini, onuň her gektaryndan 200 sentnere golaý hasyla garaşýandyklaryny gürrüň berdi.
Milli Liderimiz daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy bilen bolan gürrüňdeşliginde telekeçilik işiniň bu görnüşiniň ähmiýetini belledi. Şol iş bolsa, ilkinji nobatda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Soňra hormatly Prezidentimiz kärendeçini ýetişdirilen bol hasyly bilen gutlap, oňa gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow Lebaba iş saparyny tamamlap, Mary welaýatyna ugrady.

şu gün 14:27
371

Tesla we LG ABŞ-da 4,3 milliard dollarlyk batareýa zawodyny gurar

Tesla we LG Energy Solutions kompaniýalary ABŞ-da batareýa öndürýän zawod gurmak barada ylalaşdylar. Maýa goýumyň umumy möçberi 4,3 milliard dollara deň bolar we zawody 2027-nji ýylda açmak meýilleşdirilýär. Zawod Miçigan ştatynyň Lansing şäherinde ýerleşer...

şu gün 00:27
5.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

şu gün 00:11
1.6k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde CICA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary Kaýrat Sarybaý bilen gepleşikleri geçirdi...

düýn 16:36
3.2k+

Ispaniýada orta asyr galasynyň diňi ýykyldy

Ispaniýanyň Toledo prowinsiýasynda ýerleşýän orta asyra degişli Eskalona galasynyň diňi ýykyldy. Bu barada El País gazeti habar berdi. Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, bolan waka zerarly ejir çeken ýok, ýöne gynansak-da, halkyň taryhynyň bir bölegi welin, ýitirildi...