BSGG-niň ýolbaşçysy koronawirus bilen bagly dünýä ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

  • 09.06.2020 15:49
  • 9k+

Dünýäde koronawirus keseliniň ýaýrawy bilen bagly ýagdaý ýaramazlaşmagyny dowam etdirýär. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Gebreýesus habar berýär, muny iz.ru ýetirýär.
Ol soňky wagtlarda epidemiologik ýagdaýyň gowulaşmagynyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda bellige alynýandygyny, ýöne dünýä möçberinde ýagdaýyň ýaramazdygyny belledi.
“BSGG dünýäde koronawirus bilen 7 mln keselleme ýagdaýy we 400 müň ölüm barada habar aldy. Ýewropada ýagdaýyň gowulaşýandygyna garamazdan, dünýä möçberinde ol ýaramazlaşýar” – diýip, TACC Gebreýesusyň Ženewadaky brifingde aýdan sözlerini getirýär.
Ol soňky 10 günüň dokuz gününiň içinde dünýäde her günde 100 müňden gowrak täze kesellileriň hasaba alnandygyny ýatlatdy. 7-nji iýunda bu görkeziji bir gije-gündizde 136 müňden geçdi.
Onuň aýtmagyna görä, bu ýagdaýlaryň tas dörtden üç bölegi 10 sany döwlete degişli boldy, esasanam, Amerika we Günorta Aziýa. Şeýle-de, Gebreýesus Afrikanyň köp döwletlerinde, Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýerlerinde keselleme ýagdaýynyň ýokarlanandygyny belledi.
Gebreýesus 9-njy iýunda BSGG-niň koronawirus bilen kesellän adamlaryň sagdyn adamlar bilen aragatnaşygyna gözegçilik etmek meselesi boýunça onlaýn-maslahata çagyrýandygyny aýtdy. “BSGG COVID-19 bilen keselleme boýunça aragatnaşyklary yzarlamak boýunça sanly tehnologiýada innowasiýalardan başlap, tehniki we operasion tejribeler bilen paýlaşmak üçin onlaýn-maslahata çagyrýar”. BSGG-niň ýolbaşçysy aragatnaşyklary yzarlamagyň pandemiýa “jogap bermekde esasy element bolup durýandygyny” belledi. Ýöne gözegçiligiň sanly enjamlary “şahsy durmuş üçin problematik bolup biler”. “Aragatnaşyklara gözegçilik etmek üçin bu enjamlaryň netijeliligi barada köpräk maglumat gerek. Biz ýurtlary bu maglumatlary ýygnamaga we şonuň bilen birlikde bilimleriň global bazasyna goşant goşmaga çagyrýarys” – diýip, Gebreýesus aýdýar.
Bu keseliň dörän ýeri Hytaýyň Uhan şäheri boldy. Birnäçe aýyň içinde bu kesel dünýäniň 210-dan gowrak döwletini gurşap aldy.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......