Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady

  • 08.06.2020 23:24
  • 11k+

8-nji iýunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady. Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýunda geçirilen mejlisinde şu aýda ýurdumyzyň welaýatlarynda sapar bilen bolmagyň, ýerlerde galla oragynyň alnyp barlyşyny görmegiň, kabul edilen durmuş maksatnamalarymyzyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
Türkmen Lideri gündogar welaýata ugramazdan öň, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Onda paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, ulanylmaga beriljek desgalarda işleriň depgini, şäher ilatynyň göwnejaý dynç alşy, olaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meselelere seredildi.
Iş maslahatynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň oňaýly dynç almagyny üpjün etmek, adamlaryň tebigatda wagtlaryny işjeň we peýdaly geçirmekleri üçin şertleri döretmek baradaky meseläni gozgady.
Türkmen Lideri iş maslahatyny tamamlap, Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinden Lebap welaýatyna ugrady.
Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary dowam edýär.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......