Ýapon alymlary koronawirusy “akylly” matanyň kömegi bilen ýeňmekçi bolýarlar

  • 08.06.2020 22:30
  • 8.1k+

Ýaponiýada alymlar, olaryň aýtmagyna görä, koronawirusy ýeňip bilmäge ukyply bolan matany döretdiler. Bu özboluşly iş barada “Popular Mechanics” amerikan neşirine salgylanyp, chto-proishodit.ru ýetirýär.
Işiň awtorlarynyň aýtmagyna görä, bu matadan taýýarlanylan maskalar häzirki wagtda koronawirus keselinden goranmak üçin adamlaryň köpüsi tarapyndan ulanylýan maskalara garanda, has netijeli. Bu matanyň aýratynlygy onuň howply mikroorganizmleriň hereketine böwet bolujylyk häsiýetine eýediginden ybarat. Bu özboluşly matany Ýaponiýanyň alymlary PIECLEX diýip atlandyrdylar.
Matanyň aýratynlygy onuň hem bakteriýalary, hem wiruslary ýok edýän hereketsiz elektrik güýjüni almak üçin adamyň kinetiki energiýasyny ulanyp bilýänligindedir.
Özboluşly “antibakterial” matany döretmegiň üstünde Murata Manufacturing we Teijin Frontier kompaniýalarynyň işgärleri iş alyp bardylar. Olar özleriniň döreden dokma önüminiň eýýäm barlagdan geçirilen ähli wiruslary we bakteriýalary 99,9% ýok edip biljekdigini habar berýärler.
Häzir PIECLEX matasynyň barlagdan üstünlikli geçýändigine garamazdan, onuň netijeliligi barada gutarnykly karara gelmäge hünärmenler gyssanmaýarlar. Ýapon alymlary koronawirus keselinden 100% gorap biljek materialy döretmekçi bolýarlar. Ýöne onuň haçan taýýar boljakdygyny olar heniz aýdyp bilenoklar, sebäbi olaryň aýtmagyna görä, mikroorganizmleri barlagda ulanmak üçin olaryň nusgalary hemişe elýeterli bolup duranok.
“PIECLEX ýaly biologiki we himiki gorag örtüklerini, belli bolşy ýaly, döretmek kyn, onuň sebäbi hem tehnologiýanyň ýoklugynda däl-de, goranmaly bolan mikrooganizmleriň nusgalaryna elýeterliligiň kynlygynda” – diýip, neşiriň awtory hem belleýär.
Häzirlikçe bolsa hünärmenler goragyň barlanylan, adaty usullaryna biwerpaý garamazlygy maslahat berýärler: eliňi gowy ýuwmaly, maska dakynmaly we jemgyýetçilik ýerlerinde sosial aradaşlygy berjaý etmeli.

düýn 20:58
4.9k+

Amerikaly alymlar 1993-nji ýyldan bäri saklanyp gelýän aşa ýokary geçirijilik rekordyny täzelediler

Hýuston uniwersitetiniň barlagçylary gaty jisimleriň fizikasy ugrunda täze üstünlik gazanandyklaryny mälim etdiler. Alymlar atmosfera basyşynda we minus 122 gradus Selsiý temperaturada elektrik toguny ýitgisiz geçirmäge ukyply bolan aşa ýokary geçiriji material döretdiler...

düýn 16:47
744

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

düýn 16:06
2.6k+

Adamzat taryhynda iň gymmat tehnologiýa taslamalarynyň ady belli boldy

Her bir siwilizasiýa öz yzynda döwrüniň maddy subutnamalaryny galdyrýar. Häzirki zaman dünýäsinde iri inženerçilik we ylmy taslamalar şeýle simwollara öwrülýär. laryň köpüsiniň işlenip düzülmegi üçin onlarça ýyl gerek boldy we ägirt uly maliýe we tehnologik serişdeleri talap etdi...

düýn 15:50
1.3k+

Hytaý raketasy Ýeriň ýüzüne gözegçilik edýän hemrany orbita çykardy

Hytaýyň «Çançžen-6A» («Beýik ýöriş-6A») raketa göterijisi ýekşenbe güni raýat maksatlary üçin niýetlenen «Ýaogan-50 02» atly Ýere uzakdan aralykdan gözegçilik ediji hemrany orbita çykardy diýip, CGTN teleýaýlymy habar berdi...