Dünýäde nebit-gaz burawlaýjy gurluşlaryň sany maý aýy boýunça 22% kemeldi

  • 07.06.2020 23:08
  • 3.6k+

Tutuş dünýä boýunça nebiti we gazy gazyp almak üçin burawlaýjy gurluşlaryň sany maý aýynda aýlyk aňlatmasynda 338 san kemeldi ýa-da başgaça aýdylanda, 22,3%, ýagny 1176-a çenli kemeldi. Muny Baker Hughes amerikan nebit-gaz serwis kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär. Bu barada 1prime.ru habar berýär.
Ýyllyk aňlatmasynda hereket edýän burawlaýjy guluşlaryň sany 1006 san ýa-da 46% pese gaçdy. 2020-nji ýylyň aprelinde burawlaýjy gurluşlaryň sany 1514-e barabar boldy, 2019-njy ýylyň maýynda 2182-ä deňdi.
ABŞ-da, kompaniýanyň maglumatlaryna laýyklykda, görkeziji aýlyk aňlatmasynda 218 san ýa-da 38,5% azaldy we 348-e barabar boldy, Kanadada 10 san ýa-da 30,3%, ýagny 23 gurluşa çenli azaldy.
Burawlaýjy gurluşlaryň sany Ýewropada 1 san (-0,8%), ýagny 111-e çenli kemeldi. Ýakyn Gündogarda 45 san (-10,7%) azaldy we 375 gurluşa barabar boldy. Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde gurluşlaryň sany 5 san (+2,6%), ýagny 196-a çenli artdy, Afrikada 42 san ýa-da 40,7%, ýagny 61 gurluşa çenli azaldy. Latyn Amerikada görkeziji 27 san (-30,3%), 62 gurluşa çenli pese gaçdy.
2019-njy ýylda dünýäde hereket edýän burawlaýjy gurluşlaryň ortaça aý hasabynda sany iki ýylyň yzygider jemi boýunça ösüşden soň pese gaçdy we 2177 gurluşa barabar boldy. 17 ýylyň içinde minimal görkeziji 2016-njy ýylda hasaba alyndy, ýagny burawlaýjy gurluşlaryň sany 1593-e barabardy. 1985-nji ýyldan bäri maksimal görkeziji 2014-nji ýylda, ýagny dünýäde 3578 sany nebiti we gazy burawlaýjy hereket eden wagtynda hasaba alyndy.
Baker Hughes kompaniýasy ABŞ-da we Kanadada burawlaýjy gurluşlaryň sanynyň üýtgemegi baradaky hepdelik maglumatlary 1944-nji ýyldan bäri hödürleýär. 1975-nji ýyldan bäri serwis kompaniýasy her aý tutuş dünýä boýunça burawlaýjy gurluşlaryň sanyny neşir edýär.

17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.7k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...