Wladimir Putin Genetik maglumatyň milli bazasyny döretmegi tabşyrdy

  • 07.06.2020 20:40
  • 6.7k+

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Genetik maglumatyň milli bazasyny döretmegi tabşyrdy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.
Bu tabşyrygy Russiýanyň hökümeti “Kurçatow instituty” milli barlag merkeziniň gatnaşmagynda ýerine ýetirmeli. Olar gorap saklamagyň informasion-analitik ulgamlarynyň we genetiki maglumatlary taýýarlamak işini hem-de olaryň döredilmegini üpjün etmeli. Kurçatow institutynyň müdiri Aleksandr Blagow we premýer-ministr Mihail Mişustin tabşyrygy berjaý etmeklige jogapkär bellenildi.
Bellenilip geçilişi ýaly, hasabat oktýabra çenli hödürlenilmeli, ondan soň her ýyl hasabat berlip durulmaly. 2021-nji ýyldan başlap federal býujetinden serişde bölünip aýrylar. Bazanyň kömegi bilen lukmanlar agyr keselleri anyklap we olary bejerip bilerler, şeýle-de ömür dowamlylygyny uzaldyp hem-de ekologiýany gowulandyryp bilerler diýlip çaklanylýar.
Şeýle-de, Putin hökümete umumy bilim edaralary we çagalaryň goşmaça bilim edaralary üçin genetika boýunça aýratyn okuw kurslaryny we modullaryny taýýarlamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, hökümet bu pudakda pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak işini gurnamaly.
Belläp geçsek, maý aýynda W.Putin Russiýa üçin ýokary tehnologiýalary ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy. Putin emeli intellekti, dolandyryjysyz tehnikany, genetikany, medisinany we ýurdy ösdürmek işiniň alnyp baryljak bazalary düzüji bilimi atlandyrdy.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......