Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 76-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, Owganystanyň we Beliziň telekeçileri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar.
«Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen, polipropilen we EKO-93 kysymly awtobenzin Russiýa Federasiýasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Mundan başga-da, Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplügi we reňksiz aýnany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 31 million 352 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Gonkongyň, Beliziň, Owganystanyň işewürleri jemi bahasy 10 million 184 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi we haly önümlerini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen polietileni we polipropileni, şeýle hem pagta süýümini we pagta lintini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 139 million 596 müň manatlykdan gowrak boldy.
Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri
- 06.06.2020 23:32
- 6.5k+