Ford, Peugeot we Honda awtomobillerini ýagsyz motorda işlemäge mejbur etdiler

  • 06.06.2020 22:46
  • 5.7k+

Ýag içinden otlanýan hereketlendiriji üçin örän möhüm bolup durýar. Ol diňe bir hereket edýän detallary ýaglaman, eýsem, ýylylygy ýaýratmaga kömek edýär. Sowadyjy suwuklyk hem möhüm, ol iş temperaturasyny saklamak bilen motoryň gyzmazlygyna kömek edýär. Awtomobil bu möhüm suwuklyklar bolmasa, näçe wagt hereket edip biler?
Bu soraga jogap bermek üçin, täze we köne ulaglary satmak işine ýöriteleşdirilen Carwow kompaniýasynyň işgärleri üýtgeşik eksperimenti geçirip görmek islediler. Bu barada car.ru habar berýär. Bu derňew işiniň maksady barlagdan geçirilýän haýsy ulagyň hereketlendirijisiniň ýagsyz näçeräk wagt işläp biljekdigini kesgitlemekden ybarat boldy. Bu işi geçirmek üçin Ford Focus, Honda Civic we Peugeot 208 modelleri saýlanyp alyndy.
Barlag işine başlamazdan öňürti hünärmenler motordan ähli tehniki suwuklygy döküp aýyrdylar. Motoryň maksimal aýlawyny üpjün etmek üçin bolsa gaz pedalyna daş goýdular.
Birinji bolup synagdan amerikan önümçiliginiň awtomobili Ford Focus ýykyldy, ol eýýäm 20 sekuntdan işlemegini bes etdi. Peugeot 208 awtomobiliniň hereketlendirijisi bolsa işini 47 sekuntdan bes etdi. Geçirilen barlagyň ýeňijisi ýapon ýygnama işiniň 20 ýaşly awtomobili Honda Civic boldy. Ulag ýagsyz 6 minut 22 sekunt işlemegi başardy.
Geçirilen barlagyň gurnaýjylary bu netijelerden kanagatlandylar. Çünki, olar awtomobiller has erbet netije görkezerler diýip pikir edipdiler, ýöne ähli zat garaşylyşyndan gowy boldy.

düýn 11:57
4.7k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

10.04.2026 20:27
2.5k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....