Türkmenistanyň COVID-19-a garşy taýýarlygy boýunça DIM-de brifing geçirildi

  • 05.06.2020 23:37
  • 8.8k+

Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele (COVID-19) garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça ýurdumyzyň DIM-inde şu gün geçirilen brifinge ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.
Brifingde HHR-nyň, Ýaponiýanyň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, ÝHGG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany çykyş etdiler.
Olar Türkmenistan tarapyndan ýiti ýokanç keselleriniň öňüniň alynmagy boýunça alnyp barylýan hereketlere, şonuň ýaly-da türkmen tarapynyň pandemiýa garşy göreş babatynda halkara meýdançalarynda öňe sürülýän we bu ugurda raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalaryň, maksatnamalaryň we gurallaryň durmuşa geçirilmegine ygrarlydygyna ýokary baha berdiler.
Çykyş edenler Türkmenistanda koronawirus ýokanjynyň bellige alynmandygyny hem-de ýurtda amatly epidemiologiýa ýagdaýynyň saklanylýandygyny belläp, bütin dünýäde bu pandemiýanyň durmuş-ykdysady ýagdaýa täsirini ýetirjekdigi baradaky pikiri beýan etdiler.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......