Türkmenistanyň Prezidenti epidemiýa döwründe ulag kompaniýalaryny goldamak barada tabşyryk berdi

  • 05.06.2020 23:17
  • 15k+

5-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Öwezow gözegçilik edýän ulgamynda geçen bäş aýyň dowamynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ulag we kommunikasiýa toplumy tarapyndan meýilnama 102,1 göterim ýerine ýetirilip, 102,8 göterim ösüş gazanyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ýüzlenmek bilen, häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň beýleki esasy pudaklary ýaly, ulag pudagynyň hem dünýäde koronawirus epidemiýasy hem-de mejbury çäklendirmeler sebäpli, kyn ýagdaýy başdan geçirýändigine ünsi çekdi. Ýönekeý bolmadyk şeýle şertlerde ulag kompaniýalarymyz bökdençsiz işlemegini dowam edýär, gatnawlaryň ygtybarly bolmagyny gazanýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde koronawirus bilen bagly ýagdaý tamamlanýança bu kompaniýalaryň maliýe ýagdaýyny durnukly saklamak hem-de üznüksiz maliýeleşdirilmegini üpjün etmek esasy wezipedir. Zähmet haklaryny tölemek we maliýe borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ulag kompaniýalarynyň serişdeleri bolar ýaly, olary goldamaly. Döwlet Baştutany bular barada aýtmak bilen, wise-premýere bu ýagdaýlary seljerip, zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......