Dünýä awtobazary maý aýynda pese gaçyşyny gowşatdy

  • 05.06.2020 17:16
  • 4.9k+

Ýurtlar biri-biriniň yzyndan karantin çäklendirmelerini aýyrýarlar, täze awtomobilleriň satuwy ýuwaş-ýuwaşdan dikelýär. Maý aýynda dünýä awtomobil bazary birneme janlanyp başlady, satuwlar heniz hem geçen ýyldaky derejesinden pes, ýöne 2020-nji ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende ýagdaý gowulaşýar. Bu barada motor.ru habar berýär. Meselem, hytaý bazary geçen aýda bary-ýogy 2,3% peseldi, amerikan bazary 25%, fransuz bazary 50%, ispan bazary bolsa aprel aýyndaky 93 göterime garşylykda 79% pese düşdi. Awtoöndürijileriň satuw baradaky maglumatlary hem bazaryň dikelýändigine şaýatlyk edýär. Meselem, Hyundai maý aýynda 217,5 müň awtomobili satdy, bu bolsa 2019-njy ýylyň şol aýyndaky görkezijiden 39 göterim azdyr. Günorta Koreýada bolsa täze ulaglara bolan isleg 4,5%, ýagny 71 müň sany satylan awtomobile çenli artdy.
Russiýanyň kompaniýalaryndan maý aýy boýunça satuw barada diňe “АвтоВАЗ” hasabat berdi. Lada-nyň dilerleri 16 633 sany ýeňil we ýeňil söwda awtomobillerini, şol sanda Niva modelini (1083 sany) satdylar. Deňeşdirme üçin getirsek, 2020-nji ýylyň aprelinde, ýagny ýurtda koronawirus pandemiýasy sebäpli berk çäklendirmeler hereket eden we diler merkezleriniň ýapylan wagtynda ruslar 9396 sany Lada awtomobillerini satyn aldylar. Şeýlelik bilen, aýdan aýa ösüş 65,7 göterime barabar boldy.

düýn 11:57
4.7k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

10.04.2026 20:27
2.5k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....