Porsche kompaniýasynyň ýolbaşçysy Volkswagen markasyny esaslandyrar

  • 04.06.2020 23:22
  • 3.8k+

Porsche kompaniýasynyň baş müdiri tiz wagtdan häzirki wagtda täze modelleri çykarmakda düýpli kynçylyklary başdan geçirýän Volkswagen markasyna ýolbaşçylyk eder. Şeýle bildiriş bitewi önümçilik birleşiginiň çäklerinde hereket edýän Porsche we Volkswagen iki nemes kompaniýasynyň metbugat gullugynda aýdyldy. Bu barada 32cars.ru habar berýär.
Belläp geçsek, kompaniýa soňky wagtlarda ýygy-ýygydan ýaramaz habarlary ýetirýär. Ýagny, MEB platformasynda ID.3 ilkinji elektrokaryň çykyş möhleti hem pes hilli programma üpjünçiligi sebäpli togtadylýar. Häzirki wagtda konserniň ýolbaşçysy Volkswagen-iň operatiw ýolbaşçylygyndan aýrylmak kararyna geldi. Kompaniýa administratiw üýtgeşme gerek, tiz wagtdan ol muňa eýe bolar.
Konserni Porsche-niň ýolbaşçysy esaslandyrar. Oliwer Blýumy uly korporasiýanyň ýolbaşçysy edip bellemeklik Volkswagen-iň häzirki müdiri Gerbert Diss tarapyndan goldanylmak bilen kabul edildi. Oliwer Blýum özüni Porsche, Seat we Audi kompaniýalarynyň oňat ýolbaşçysy hökmünde görkezdi. Belläp geçsek, Oliwer Blýumyň ýolbaşçylygynda Porsche kompaniýasynyň satuw görkezijileri 2019-njy ýylda 9,6% ýokarlandy. Onuň Volkswagen kompaniýasynyň birtopar meselelerini çözmegi başarjagyny ýa-da başarmajagyny bolsa diňe wagt görkezer. Gerbert Diss müdirler sowetinde galar we täze marketing meýilnamalarynyň çykyşyna ýolbaşçylyk eder hem-de geljek 5 ýyl üçin strategik meýilnamalary taýýarlamak bilen meşgullanar.
Köp ekspertler müdirleriň çalşyrylmagy Ýewropada başlan çökgünlik we täze awtomobilleriň durnukly satuwynyň bolmazlygy bilen bagly diýip hasaplaýarlar.

düýn 11:57
4.7k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

10.04.2026 20:27
2.5k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....