Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

  • 04.06.2020 22:47
  • 6.7k+

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine bagyşlap, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklary bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda alnyp barlan işler, garamagyndaky düzümlerde geçirilýän köpugurly işler, jemgyýetçilik tertibini saklamak, raýatlarymyzyň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutany mejlisiň barşynda Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi.
Mejlisiň çäklerinde döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanylan athananyň taslamalary hödürlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýeriň gözegçilik edýän edaralarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň barşyna ünsi çekdi hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny berkitmegiň, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen anyk çäreleri geljekde hem durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalara birnäçe bellikleri aýdyp hem-de degişli düzedişleri girizip, täze toplumyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Onda atlary saklamak, seýislemek we türgenleşdirmek işleriniň netijeli guralmagy göz öňünde tutulmalydyr.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......