Hyundai içerki bazarynda satuwy dikeltdi

  • 04.06.2020 13:12
  • 4.2k+

Hyundai Motor kompaniýasynyň wekilleri dünýä bazarynda satuwyň netijeleri barada hasabat berdiler. Geçen aýda günorta koreý brendiniň wekilleri 217,5 müň töweregi ulag serişdelerini satmagy başardylar. Satuwyň dünýä görkezijisi 2019-njy ýylda şu aý üçin 39,9% ýokarydy. Bu barada car.ru habar berýär.
Ýöne Günorta Koreýada satuw görkezijileri artdy. Maý aýy boýunça içerki bazarda kompaniýanyň awtosalonlary tarapyndan 70,8 müňden gowrak ulag serişdeleri satyldy, bu geçen ýyla garanda 4,5% awto köpdür.
Eger-de dünýä görkezijisinden Günorta Koreýany aýyrsak, onda satuw boýunça netije 146 müň awtomobil derejesinde bellige alynýar, bu bolsa geçen ýylyň maý aýynyň görkezijilerinden tas 50% pes, çünki şonda kompaniýanyň awtosalonlary 290 müňden gowrak ulag serişdelerini satmagy başardylar. Pese gaçyşyň sebäbi koronawirus pandemiýasy bilen ýüze çykan dünýäde ykdysady işjeňligiň gowşamagyndan ybarat. 
Günorta koreý brendiniň analitikleri içerki bazarda ösüşe iki modeliň, ýagny Grandeur we Elantra modelleriniň has uly täsir edendigini belleýärler. Olaryň satuwy baradaky anyk netijeleri kompaniýanyň ýolbaşçylary habar etmediler.
Belläp geçsek, 2020-nji ýylyň maý aýynda Hyundai Motor we KIA Motors günorta koreý awtomobil gurluşyk kompaniýalarynyň satuwy ABŞ-nyň bazarynda 18,5%, ýagny 104 786 awtomobile çenli kemeldi. Neşir edilen maglumatlara laýyklykda, Hyundai Motor kompaniýasynyň satuwy 13,8%, ýagny 58 969 awtomobile çenli kemeldi.

düýn 11:57
4.7k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

10.04.2026 20:27
2.5k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....