COVID-19-a garşy bilelikdäki göreş meseleleri boýunça BSGG-niň maslahaty geçirildi

  • 03.06.2020 23:51
  • 3.3k+

Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň wekilleriniň Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipeleri, ilkinji nobatda bolsa, COVID-19 ýokanjyna garşy bilelikdäki göreş ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmak, ylmy diplomatiýanyň gurallaryny işjeň herekete girizmek boýunça öňe süren başlangyçlaryna ýokary baha berip, Russiýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň lukmançylyk edaralarynyň gepleşiklere gatnaşýan ýolbaşçylary we işgärleri maglumat we tejribe hem-de howply ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de bejermek boýunça gazanylan tejribeleri we bilimleri almak üçin ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......