“Яндекс” sürüjisiz awtomobilleriň täze neslini hödürledi

  • 03.06.2020 23:02
  • 4.3k+

“Яндекс” Hyundai Sonata awtomobiliniň esasynda döredilen awtoöndürijiniň bölünip aýrylan kärhanasy Hyundai Mobis bilen hyzmatdaşlykda sürüjisiz awtomobilleriň täze neslini hödürledi. Bu barada kommersant.ru habar berýär.
Kompaniýada nygtalyşyna görä, bu “Яндекс” kompaniýasynyň sürüjisiz awtomobilleriniň dördünji nesli. Moskwanyň ýollarynda bu awtomobil mart aýyndan bäri synagdan geçirilýär. Kompaniýa täze nesliň jemi bäş sany sürüjisiz awtomobilini taýýarlady, ýylyň ahyryna çenli olaryň sanyny 100-e çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Kompaniýa olary Moskwanyň ýollarynda we ABŞ-da synagdan geçirer, şeýle-de olary taksi hökmünde Kazan Innipolisinde ulanar. Sürüjisiz awtomobileriň täze neslinde dürli fokus aradaşlygy bilen kameralaryň sany artdyryldy. Şeýle-de, lidarlaryň we radarlaryň ýerleşýän ýeri üýtgedi. Alty sany radar ýokarda ýerleşýär, bu bolsa awtodolandyryja öňündäki awtomobilleri tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýär. Kompaniýanyň pikiriçe, bu awtomobil tarapyndan daşky gurşawyň kabul edilişini has hem kämilleşdirer.
“Яндекс” we Hyundai Mobis 2019-njy ýylyň martynda sürüjisiz awtomobiller üçin platforma döretmek barada ylalaşyga gol çekdiler. Geljekde awtoöndürijiler ony sürüjisiz awtomobilleri döretmek üçin ulanyp bilerler, şeýle-de karşering kompaniýalary we taksi serwisleri üçin ulanyp bolar diýip, hyzmatdaşlar hasaplaýarlar.
Ýaňy-ýakynda bolsa Hytaýyň kärhanasynda eýýäm 2 aýdan gowrak wagt bäri sürüjisiz awtomobilleriň ulanylýandygy bellenildi. Ýagny, gürrüň Lýuçžou şäherindäki SAIC-GM-Wuling kärhanasy barada gidýär.

düýn 11:57
4.7k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

10.04.2026 20:27
2.5k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....