Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

  • 01.06.2020 23:48
  • 4.3k+

1-nji iýunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, içeri işler ministri we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.
Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi häzirki döwürde paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde ýerine ýetirilýän işler, iýun aýynyň dowamynda meýilleşdirilen çäreleriň guralyşy, şeýle hem şäherde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli işlenip taýýarlanylan meýilnama barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, howanyň gyzmagy bilen bu ugra degişli toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmalydygyny aýdyp, şäheriň seýilgählerinde, dynç alyş merkezlerinde adamlaryň wagtlaryny peýdaly geçirip bilmekleri, ýokary derejede dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi.
Soňra welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly girişmek, şol bir wagtyň özünde gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, şeýle hem zyýankeşlerden geljekki hasyly goramak we ekinleriň kesellemeginiň öňüni almak boýunça ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler barada hasabat berdiler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler, aýratyn-da, gowaça meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, şeýle hem çekirtgäniň, gowaçanyň zyýankeşleriniň we keselleriniň öňüni almak boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Çakyýew tomus möwsüminiň gelmegi bilen ýurdumyzda, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......