Beýik Britaniýada ulaglaryň önümçiligini sakladylar

  • 31.05.2020 23:24
  • 4.3k+

Awtoöndürijileriň we satyjylaryň britan jemgyýetiniň maglumatlaryna laýyklykda, Beýik Britaniýada geçen aýda geçen ýyldaky 71 müň bilen deňeşdirilende bary-ýogy 197 awto ýygnaldy. Bu barada 32cars.ru habar berýär. Içki bazar üçin awtolaryň önümçiligi hem tas 99,7% kemeldi. Şeýle iş ýagdaýyny analitikler COVID-19 keseliniň ýaýrawy esasynda kärhanalaryň saklanylmagy we serhetleriň ýapylmagy bilen düşündirýärler. Şunuň bilen birlikde britan awtobazaryna breksitiň (Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagy) we ABŞ-nyň Hytaý bilen söwda urşunyň netijesi hem öz täsirini ýetirýär. Awtomobil sektorlarynyň çökmesi Britaniýanyň tutuş ykdysadyýetine uly urgy bolar diýip, hünärmenler hasaplaýarlar.
“Aprel aýynda britan awtomobil kärhanalarynyň togtadylandygy sebäpli, bu görkezijiler geň däldir, ýöne olar hakykatdan hem pudagyň çaknyşýan uly meselelerine şaýatlyk edýär, geçen aýda onda girdejiler hakykatda nola çenli kemeldi” – diýip, SMMT-niň ýerine ýetiriji müdiri Maýk Houz aýdýar.
Guramanyň hasaplamasy boýunça, 2020-nji ýylda Beýik Britaniýada 1 mln awtomobilden az çykarylar. Ýaramaz ösüşiň esasy sebäbi koronawirus pandemiýasynyň täsirinden ybaratdyr. Ýurt kesellänleriň sany boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Karantin çäreleriniň biri hökmünde hökümet serhetleri ýapdy. Bu bolsa eksportuň saklanmagyna getirdi we awtomobil senagatyna uly urgy urdy.
Awtoönümçiligiň pese gaçmagy dünýäniň köp döwletlerinde bellige alynýar. Argus analitik agentliginiň maglumatlary boýunça, Ýaponiýada aprel aýynyň jemi boýunça ulag serişdeleriniň goýberilişi ýyllyk hasabynda 47%, ýagny 412,5 müňe çenli kemeldi. Germaniýada we ABŞ-da pese gaçyş 90%-den geçdi, ýöne önümçiligiň göwrümi Britaniýanyňkydan ýokary bolmagynda galdy, ýagny degişlilikde, 10,9 we 10,3 müň.

düýn 11:57
4.7k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

10.04.2026 20:27
2.5k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....