Türkmenistana gelýän awtoulag serişdelerinden alynýan ýygymlaryň möçberi seljeriler

  • 29.05.2020 23:46
  • 17k+

Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag serişdeleriniň we motosiklleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberlerini seljermek boýunça Pudagara topary döredildi hem-de onuň düzümi we Düzgünnamasy tassyklanyldy.
Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti hökümet mejlisinde gol çekdi. Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Öwezow utgaşykly ulag syýasatyny alyp barmak maksady bilen, kanunçylygy we tölegleriň görnüşlerini laýyklaşdyrmagyň hem-de gümrük, wiza we beýleki amallaryny ýönekeýleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Resminama laýyklykda, Ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we kämilleşdirmek, ulag toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmak, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksat edinilýär. 

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......