5-nji iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berler

  • 29.05.2020 23:13
  • 2.5k+

Türkmenistanda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 5-nji iýundan, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa, 12-nji iýundan galla oragyna başlanylar. Bu barada hökümet mejlisinde habar berildi.
Mejlisiň barşynda Prezident mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň gowy netijeleri berýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Hormatly ýaşulularymyzdan ýerlerde orak möwsümini «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz edermen gallaçylarymyza, ýurdumyzyň ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, saçaklaryň berekedi, ýaşaýşyň çeşmesi bolan guşgursak bugdaýyň mukdaryny yzygiderli artdyryp, täze zähmet üstünliklerini gazanmagy tüýs ýürekden arzuw etdi.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, häzir oba hojalyk işleriniň gyzgalaňly döwri dowam edýär diýip, belledi. Şonuň bilen birlikde, howanyň gyzmagy netijesinde ekinleriň zyýankeşleri bolan kebelekler we çekirtgeler hem köpeldi. Olar ýetişdirilen hasyla uly zyýan ýetirýärler.
Döwlet Baştutany şol zyýankeşlere garşy göreşde ähli gulluklaryň güýjünden peýdalanmak barada aýdyp, bu ugurda görlen çäreler barada duşenbe güni geçiriljek wideoşekilli iş maslahatynda hasabat bermegi tabşyrdy.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......