Deňiz pudagynyň işgärleriniň saglygyny goramakda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

  • 28.05.2020 22:39
  • 4.7k+

28-nji iýunda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatda ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşi utgaşdyrmakda we deňiz pudagynyň işgärleriniň saglygyny goramakda özara gatnaşyklary ösdürmegiň çärelerini durmuşa geçirmek meselelerine garaldy.
Oňa Halkara deňiz guramasynyň, Halkara zähmet guramasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň ýurduň çäginde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça deňiz ulaglary arkaly gatnadylýan ýükleriň zyýansyzlandyrylmagyna gözegçiligi güýçlendirmek babatda beren tabşyryklaryna laýyklykda, durmuşa geçirilýän çäreleriň hasabyna COVID-19 ýokanjynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça toplan tejribesiniň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy.

şu gün 00:49
631

Türkmenistanyň wekiliýeti Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugrarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar...

düýn 09:38
1.2k+

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi...

düýn 09:35
863

Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Piter Wan Rooý bilen duşuşyk geçirdi...

12.03.2026 20:33
1.3k+

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşygy geçirildi...