Türkmenistanyň we Owganystanyň serhedinde utgaşykly sanitariýa-karantin çärelerini geçirmeklik bellenildi

  • 27.05.2020 23:23
  • 7.4k+

27-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aşraf Gani oňyn häsiýeti sebitdäki amatly geosyýasy ýagdaý bilen kesgitlenilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etmegiň möhümdigini bellemek bilen, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny esasy ugurlar hökmünde görkezdiler.
Iki döwletiň Baştutanlary dünýäniň gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ylalaşylan, bir bitewi çemeleşmäni işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. Şol meseleleriň biri COVID-19 koronawirus pandemiýasy bolup, onuň tutuş adamzatda uly ynjalyksyzlanma döredip, halkara ykdysady gatnaşyklaryna, ençeme döwletleriň we halklaryň durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirdi.
Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz koronawirusyň dünýä möçberinde ýaýramagy ýaly döwrüň wehimlerine garşy göreşmekde Türkmenistanyň ylmy diplomatiýanyň gurallaryny giňden ulanmak pikirini öňe sürendigini ýatlatdy. Munuň özi dürli ýurtlardan bolan alymlaryň we hünärmenleriň ýakyn hyzmatdaşlygyny üpjün edip bilerdi, olar howply ýokanç keselleriniň öňüni almagyň we bejermegiň usullary boýunça maglumatlary, bilimleri we toplanan tejribeleri, netijeli derman hem-de gorag serişdelerini taýýarlamak boýunça işleri dessin alşyp bilerdiler.
Ylmy diplomatiýanyň gurallary häzirki wagtda emele gelen ýagdaýlarda hyzmatdaşlygyň netijeli ugry bolup durýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Alym-lukmanlaryň geňeşini döretmek boýunça türkmen tarapynyň öňe süren başlangyjynyň koronawirusa garşy umumy göreşe oňyn täsirini ýetirip biljekdigini aýtdy.
Iki döwletiň serhedinde utgaşykly sanitariýa-karantin çärelerini geçirmegiň zerurdygy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi hökmünde serhetýaka demir ýol menzillerinde, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda hem-de Owganystanyň çägindäki käbir beýleki ýerlerde — demir ýol ulaglaryny we ýüklerini zyýansyzlandyrmak üçin ýurdumyzda gurlan ýörite terminallar ýaly desgalary gurmaga, şeýle hem olary zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy.
Şeýlelikde, bilelikdäki tagallalar bilen görülýän çäreler sanitariýa-epidemiologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini gazanmaga, serhetden geçýän ulaglary we ýükleri zyýansyzlandyrmak üçin şertleri döretmäge mümkinçilik döreder.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......