Germaniýa öňdebaryjy önümçilik işläp taýýarlamalaryny Türkmenistana hödürlemäge taýýar

  • 26.05.2020 23:18
  • 6k+

Daşary işler ministrliginde german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň müdirliginiň başlygy Oliwer Hermes we bu düzümiň baş direktory Mihael Harms bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we GFR söwda-ykdysady ugurda netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna özara gyzyklanma bildirýärler. 
Ýangyç-energetika toplumy, maşyn gurluşygy, ulag hem-de logistika, oba hojalygy, gurluşyk senagaty we senagatyň başga-da birnäçe ugurlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion usulda ösdürilýändigi bellenildi.
Gepleşikleriň barşynda nemes tarapynyň wekilleri öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda dünýäde öňdäkileriň biri bolmak bilen, bu ugurda özüniň toplan tejribesini, täzeçil ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardygyny aýtdylar.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......