Şwesiýa ykdysady pese gaçyş we işsizligiň artmagy bilen çaknyşdy

  • 26.05.2020 22:35
  • 3k+

Koronawirusa garşy göreşiň çäklerinde berk çäklendirmeleri girizmekden boýun gaçyrandygyna garamazdan, Şwesiýa uly ykdysady çökgünlik hem-de işsizligiň ýokary derejesi bilen çaknyşmaly boldy. Şunuň bilen baglylykda işsizligiň ösüş derejesi aprel aýynda bir göterimden gowraga, ýagny 6,7%-den 7,9%-e çenli barabar boldy. Bu barada Bloomberg agentligi Şwesiýanyň statistika edarasyna salgylanmak bilen habar berýär, diýip gazeta.ru ýetirýär.
Möwsümleýin şertleri hasaplamazdan, umumy alanyňda işsizligiň görkezijsi analitikleriň aprel aýyndaky çaklamalaryndan ýokary geçip, 8,2%-ä barabar boldy. Olar dereje 7,8% bolar diýip çaklapdylar. Agentligiň analitikleriniň pikiriçe, işsizligiň derejesi 17%-e çenli hem ýokarlanyp bilýär.
Işsizligiň ýokarlanmagynyň esasynda Şwesiýanyň hökümeti ýurduň zähmet ulgamynyň reformalaryny maslahatlaşýar. Göz öňünde tutulýan taslama iş bilen üpjün edýän adamlara işgärleri aňsatlyk bilen işden çykarmaga mümkinçilik berer, şeýle düzedişler professional birleşigiň we oppozisiýalaryň gaharyny getirdi.
Hünärmenleriň çaklamasy boýunça, 2020-nji ýylda Şwesiýanyň emi içerki önüminiň ösüş depgini 4% pese gaçar, 2021-nji ýylda bolsa 3,5% ýokarlanar. Işsizligiň 2020-2021-nji ýyllarda 9%-e çenli ösmegi ahmal. Şunuň bilen birlikde, eger-de çökgünlik uzak dowam etse we güýçlense, onda şu ýylda ýurduň JIÖ-i 10% pese gaçar, işsizlik bolsa 2021-nji ýyla çenli 13,5%-e çenli ýokarlanar. Ýaňy-ýakynda Bloomberg Şwesiýanyň Ikinji jahan urşundan bäri iň uly ykdysady pese gaçyşa sezewar boljakdygyny habar berdi. Şwesiýa – pandemiýanyň esasynda berk çäklendirmelerden boýun gaçyran ýurtlaryň biri. Şwed hökümeti koronawirusa garşy göreşde ýurduň ýaşaýjylarynyň “meýletin we şahsy jogapkärçiligine” daýandy. Hökümet Ýewrobirleşikde ýaşamaýan daşary ýurtlular üçin serhetleri ýapdy, ýaşaýjylara bolsa bir ýerde 50 adamdan köp bolup ýygnanyşmazlygy tabşyrdy. Şwesiýada dükanlar we kafeler, başlangyç mekdepler we çagalar baglary açyk bolmagynda galdy. 

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......