Saglygy goramakda Türkmenistanyň görýän çäreleri BMG tarapyndan resmi ýagdaýda ykrar edildi

  • 24.05.2020 23:30
  • 5.2k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş Direktory Tedros Adhanom Gebreýesusyň adyna ýollan haty BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi hem-de aýratyn maglumat hökmünde Guramanyň resmi dillerine terjime edilip ýaýradyldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň häzirki ýagdaýlardaky hereketleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň COVID-19 koronawirusynyň tutuş dünýäde ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen işlenip düzülen tekliplerine doly laýyk gelýändir.
Bu yzygiderli ädimlerden ugur alyp, ýurdumyzyň Hökümeti, BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň edarasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy işlenilip düzüldi. Bu strategiki resminama, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisiniň barşynda kabul edildi.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......