Türkmenistanda pul ätiýaçlyk gory dörediler

  • 24.05.2020 23:13
  • 10k+

Türkmenistanda önümleri eksport edýän edara görnüşli taraplardan gelip gowuşýan walýuta serişdelerini düzgünleşdirmek barada geçirilen işleriň jemleri boýunça pul ätiýaçlyk goruny döretmek hakynda Kararyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada wise-premýer G.Müşşikow hökümet mejlisinde habar berdi.
Resminama laýyklykda, ätiýaçlyk goruň serişdelerini Merkezi bankda toplamak hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň, döwletiň paýynyň gatnaşmagynda döredilen ähli edara görnüşli taraplaryň daşary ýurt pulundaky girdejilerini bu gora geçirmek meýilleşdirilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu toplumyň düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Türkmen Lideri häzirki şertlerde maliýe ulgamynda dolandyryşyň döwrebap usullaryny ulanmagyň, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň we eksporta iberilen harytlaryň hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlaryň hasabyna gelip gowşan serişdeleriniň ulanylyşyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutany «Pul ätiýaçlyk goruny döretmek hakynda» hödürlenen Karary makullap we oňa gol çekip, öňde goýlan wezipeleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......