Çagalary mekdebe taýýarlamakda innowasion usullar maslahatlaşyldy

  • 24.05.2020 22:55
  • 3.8k+

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny» durmuşa geçirmek baradaky meselelere bagyşlanan maslahat geçirildi.
Maslahatyň gün tertibine öňdebaryjy çemeleşmeleri we innowasion tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmak, çagalar baglarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, çagalary mekdebe taýýarlamagyň hem-de olarda durmuş endiklerini ösdürmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagyň usullaryny kämilleşdirmek bilen bagly wezipeler girizildi.
Mekdebe çenli ýaşly çagalary okuwa uzak aralykdan taýýarlamakda ene-atalara usulyýet kömegini bermegiň meselelerine seredildi. Bellenilişi ýaly, işiň bu ugry ÝUNISEF-niň Türkmenistan üçin 2021 — 2025-nji ýyllarda Ýurt boýunça maksatnamasynda öz beýanyny tapar. Lukmançylyk üpjünçiligi hem çaganyň irki ösüşinde uly orun eýeleýär, şunda çagalara sanjym işlerini geçirmek aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.
Belläp geçsek, Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan maksatnamasy Çaganyň irki ösüşi boýunça milli maksatnamanyň dowamy bolup, ol Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ÝUNISEF-niň hem-de BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalary bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.

düýn 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......