Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri COVID-19-a garşy göreş barada pikir alyşdylar

  • 24.05.2020 22:44
  • 7.5k+

24-nji maýda türk tarapynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri sebit hem-de dünýä ähmiýetli meseleler barada pikir alşyp, adamzat üçin täze howp bolan koronawirusyň pandemiýasy (COVID-19) barada durup geçdiler. Iki döwletiň Baştutanlary pandemiýadan doly üstün çykmak üçin ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşmegi barada pikirlerini beýan etdiler.
Türkmen Lideri Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ählumumy göreşe ygrarlydygyny tassyklap, işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň, ozaly bilen, bu howpa netijeli garşy durmak maksadynda lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň zerurdygyny bellediler.
Aprel aýynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň şu mesele boýunça geçirilen wideomaslahatynda Türkmenistan döwletleriň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklaryň, ulag gatnawlarynyň durnuklylygyny saklamagyň şertleri barada çykyş etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow onlaýn görnüşinde halkara maslahatlarynyň, wideoforumlaryň işjeň guralýandygy üçin türk hyzmatdaşlara minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi pandemiýa garşy göreşmekde ähli ýurtlaryň jebisleşmegi boýunça Türkmenistanyň teklip edýän usullarynyň bir görnüşi hökmünde ylmy diplomatiýany ilerletmäge mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyz koronawirus ýokanjyny anyklamagyň we bejermegiň usullaryny kämilleşdirmekde Türkiýäniň oňyn tejribesini belläp, öz kärdeşini bu ugurda gazanylan üstünlikler bilen gutlady.
Rejep Taýyp Ärdogan öz nobatynda, hormatly Prezidentimizi Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlady. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar bar bolan kynçylyklara garamazdan, ýurtlarymyzyň ulag gatnawlaryny, hususan-da, Lazurit üstaşyr geçelgesi boýunça gatnawlaryň dowam edýändigini bellediler hem-de gatnaşyklary has-da ösdürmek, aýratyn-da, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna tabşyryklary bermek barada ylalaşdylar.

şu gün 00:49
631

Türkmenistanyň wekiliýeti Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugrarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar...

düýn 09:38
1.2k+

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi...

düýn 09:35
863

Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Piter Wan Rooý bilen duşuşyk geçirdi...

12.03.2026 20:33
1.3k+

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşygy geçirildi...