Braziliýada koronawirus üçin ilkinji genetik barlagy işläp düzüldi

  • 23.05.2020 23:18
  • 4.1k+

Braziliýada COVID-19-y ýüze çykarmak üçin ilkinji genetik barlagyň işi tamamlandy. Bu barada pravda.ru habar berýär. Onuň özboluşlylygy onuň kömegi bilen 16 esse köp nusgany barlagdan geçirmek bolýanlygyndan ybaratdyr. Alymlaryň koronawirusy ýüze çykarmakda barlagyň netijeliligini ýüz göterim diýip bahalandyrandyklaryny belläp geçmeli. Alymlar eýýäm özleriniň taýýarlan barlagyny ABŞ-da intellektual emläk boýunça Bütindünýä guramasynyň halkara patent ulgamynda bellige aldyrdylar.
Bu barlagy işläp taýýarlamak we bellige aldyrmak bilen “Albert Eýnşteýn” klinikasy meşgullandy. Habar berlişine görä, şu ýylyň iýunyndan Braziliýanyň taýýarlan işi koronawirusy anyklamak üçin elýeterli bolar. Alymlaryň işiniň esasynda täze nesliň sekwensiýa tehnologiýasy ýatýar, ol keseli anyklamak üçin DNK-nyň kiçi böleklerini seljerýär. SARS-CoV-2-ni anyklamak üçin derňew geçirijiler bu usuly RNK bilen işleşmeklige uýgunlaşdyrmaly boldular.
Barlagy döredijiler barlagyň anyklygynyň 100%-digini we başga hili netijeleriň bolmak mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdýarlar.
Biomaterial hökmünde adama birneme tüýkülik ýa-da burun-bokurdak sekretini bermek gerek. Analiziň netijesi üç gije-gündizden soň belli bolar.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......