Türkmenistanda СOVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çärelere bagyşlanan üçünji brifing geçdi

  • 22.05.2020 23:19
  • 10k+

22-nji maýda Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilişi» boýunça brifing boldy. Oňa daşary syýasat edarasynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Türkmenistanyň beýleki edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň hem-de halkara guramalarynyň baştutanlary, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýurdumyzda işleýän daşary ýurt habarlar serişdeleriniň habarçylary gatnaşdylar.
Şeýle hem brifinge wideomaslahat görnüşinde aragatnaşyk arkaly edaralary üçünji ýurtlarda ýerleşýän Türkmenistanda akkreditirlenen ilçiler gatnaşdylar. Şeýlelikde, brifinge Gazagystanyň, Russiýanyň,Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň paýtagtlary goşuldylar. Mundan başga-da 18 ýurtdan 30-a golaý žurnalistler onlaýn görnüşinde bellige alyndy. Bu bolsa diňleýjileriň geografiýa taýdan gerimini has giňeltdi.
Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly, brifingde Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlarynyň BMG-niň soňky birnäçe aýyň dowamynda kabul edilen esas goýujy resminamalarda kesgitlenilen ýörelgelere we kadalara daýanýandygy nygtaldy.
Sebitleýin hyzmatdaşlyk babatynda Türkmenistanyň häzirki şertlerde meýilnamalaşdyrmakda we hereketleri amala aşyrmakda kiçilikden has ululyga tarap hereket ýörelgesinden ugur alýandygy nygtaldy.
Brifingde СOVID-19 täze koronawirus ýokanjyna dessin çäre görmek boýunça Türkmenistanda geçirilýän çäreler barada giňişleýin maglumat beýan edildi.
Şeýle hem pandemiýanyň ýurtlaryň aglaba köpüsiniň durmuşynyň ählumumy gün tertibine we dürli ulgamlaryna düýpli üýtgetmeleri girizendigi bellenildi. Bütin dünýäniň alymlary waksinany döretmegiň üstünde işleýärler hem-de şeýle serişde oýlanyp tapylýança СOVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreler pandemiýa garşy göreşde has netijeli işleriň biri bolup durýar. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýa garamazdan Türkmenistanda howply ýokanjyň ýurduň çägine aralaşmagyna ýol berilmedi.
Munuň özi ýurduň hökümeti tarapyndan öz wagtynda geçirilen yzygiderli çäreleriň netijesinde mümkin bolandygy aýratyn nygtaldy.
Bu gezekki brifing Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda, umuman milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça, hususan-da, Türkmenistanda koronawirus ýokanjynyň ýurdumyzyň çägine getirilmeginiň hem-de onuň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça görülýän çärelere bagyşlanan üçünji brifingdir.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......