Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy tassyklanyldy

  • 22.05.2020 23:08
  • 8.6k+

Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy hem-de şu maksatnamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Bu resminama Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, körpelere bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, olaryň irki ýaşdan başlap, beden, akyl we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelemek häzirki döwürde öňde durýan möhüm wezipeleriň biridir.
Türkmenistan çagalaryň doly derejeli hem-de sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşýär we olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagy jemgyýetiň hem-de döwletimiziň esasy aladasy hökmünde yglan etdi.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......