Hytaý nebitiň importuny 2020-nji ýylda 2% artdyrar

  • 21.05.2020 23:26
  • 2.6k+

Hytaýdan nebitiň importy şu ýylda çig mala bahalaryň peselmeginiň çäklerinde, takmynan, 2% artar. 
China National Petroleum Corporation (CNPC) hytaý nebit kompaniýasy bilen bagly analitik merkeziniň maglumatlary boýunça, şol bir wagtda nebiti sarp edijilik hem 1-2% ýokarlanar.
Analitikler HHR-de nebit önümlerine bolan isleg 2000-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 5% kemeler diýip çaklaýarlar, sebäbi koronawirus pandemiýasy senagat kärhanalarynyň ýapylmagyna we hereketiň çäklendirilmegine getirdi.
Çaklamalara laýyklykda, Hytaýda tebigy gazyň sarp edijiligi 3% ýokarlanar we 313,5 mlrd kubometre ýeter, ýöne bu soňky ýigrimi ýylyň içinde iň pes ösüş bolar.
News.ru Hytaýda senagat kärhanalarynyň 99,1% işe başlandyklaryny hem habar berdi. Işe dolanyp baran işgärleriň möçberi 94,5%-e barabar boldy. Bu görkeziji kadaly derejä ýetdi diýlip, respublikanyň hökümetinde bellenilýär. Häzir senagatçylyk işleriniň depgini güýçlenýär. 
Belläp geçsek, Hytaý dünýäde göwrümi boýunça nebiti ikinji orundaky sarp ediji hasaplanylýar. Öň, Hytaýda nebite bolan islegiň tas çökgünlikden öňündäki derejä barandygy we käbir hasaplamalar boýunça, häzirki wagtda bir gije-gündizde 13 million barrele barabardygy habar berildi. Bu 2019-njy ýylyň maýyndaky bilen deňeşdirilende 400 müň barrel azdyr.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......