Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki şertlerde ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň möhüm wezipelerini kesgitledi

  • 21.05.2020 18:04
  • 12k+

Türkmenistanyň Prezidenti durnukly ykdysady ösüş boýunça geçiren iş maslahatynyň dowamynda ýakyn geljek üçin ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde halkara ýolagçy we ýük gatnawlaryna çäklendirmeler girizildi. Bu bolsa ulag we kommunikasiýa toplumynyň kärhanalarynyň esasy ykdysady görkezijilerine ýaramaz täsir edýär. Munuň özi pudagyň geljekki ösüşine bolan ýaramaz täsirleri peseltmek üçin gyssagly çäreleriň görülmegini talap edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Pudagyň bank karzlaryny, salgytlary we maýa goýumlaryny tölemegiň möhletlerine gaýtadan seretmek we gysga wagtda teklipleri taýýarlamak ähmiýetli çäreleriň hatarynda görkezildi.
Şeýle hem ähli pudaklara öňdebaryjy usullary we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklar berildi.
Hojalyk hasaplaşygynda işleýän ministrlikler we pudak edaralary garamagyndaky edara-kärhanalary öz serişdeleriniň hasabyna, býujetden maliýeleşdirilýän ministrlikler we pudak edaralary bolsa, şu ýyl üçin bölünip berlen we býujetden daşary serişdeleriň hasabyna saklamagy göz öňünde tutmalydyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......