2021-nji ýylyň Döwlet býujetinde esasy maýa goýumlar durmuş düzümini ösdürmäge gönükdiriler

  • 21.05.2020 17:47
  • 6.9k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň durnukly ykdysady ösüş boýunça geçiren iş maslahatynda wise-premýer G.Müşşikow 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamynyň durmuşa geçirýän toplumlaýyn çäreleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, baş maliýe meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak döwlet Baştutanymyzyň görkezmeleri nazara alnyp hem-de pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň we özgertmegiň degişli maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine geçirilen seljermäniň esasynda alnyp barylýar. Döwlet býujetinde maýa goýumlaryň köp möçberlerini durmuş düzüminiň ösdürilmegine, ilkinji nobatda bolsa, saglygy goraýşyň, bilimiň kämilleşdirilmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirmek meýilleşdirilýär.
Geçen ýyllarda bolşy ýaly, bu strategiki taýdan möhüm resminamanyň taslamasy taýýarlananda anyk mümkinçilikleriň geljek üçin seljerme çaklamalarynyň göz öňünde tutulmagy wajypdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz onda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi, önümçiligiň girdejiligini ýokarlandyrmak, maýa goýum mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak üçin ähli çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýyň çylşyrymly bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşiniň saklanmagynyň wajypdygyny belledi. Pudaklaryň döwrebaplaşdyrylmagyna, zerur bolmadyk çykdajylaryň azaldylmagyna, maliýe ulgamynyň durnuklaşdyrylmagyna we ýurdumyzyň maýa goýum işjeňliginiň saklanmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......