Pandemiýa şertlerinde Hazarýaka portlarynyň özara hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

  • 20.05.2020 23:47
  • 7k+

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň (Türkmenistan), Azerbaýjan Respublikasynyň Baku Halkara deňiz söwda portunyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Aktau Halkara deňiz söwda we Kurik deňiz portlarynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatda häzirki ýagdaýlar nazara alnyp, hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Onlaýn duşuşygyna gatnaşyjylar COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça portlarda amala aşyrylýan öňüni alyş çärelerine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, özara peýdaly gatnaşyklary berkitmegiň hem-de tejribe alyşmagyň wajypdygy nygtaldy. Şeýle hem Hazarýaka portlarynyň arasynda elektron maglumat alşylmagyny ýola goýmagyň meselelerine garaldy.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......