Rotterdamda “Ýewrowideniýe-2021” geçer

  • 18.05.2020 23:13
  • 2.7k+

Ýewropanyň gepleşik birleşigi (EBU) we onuň niderlandiýaly agzalary “Ýewrowideniýe-2021” bäsleşiginiň Rotterdamda Ahoy Arena meýdançasynda geçjekdigini aýtdylar. Bu barada live24.ru habar berýär. Şu ýylda geçmeli bäsleşik hem hut şu ýerde geçirilmelidi, bu bäsleşik koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyryldy.
“Biz indi öňe tarap hereket edip bilýändigimize örän begenýäris” – diýip, “Ýewrowideniýäniň” ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Martin Osterdal belleýär.
Ýatladyp geçsek, indiki ýyl bäsleşige gatnaşyjylar täze kompozisiýalar bilen çykyş etmeli bolarlar. Ýöne gatnaşyjy-ýurtlaryň “Ýewrowideniýä” ozalky aýdymçynyň ýa-da täze aýdymçynyň gitmelidigini özleri çözüp bilýärler. Häzirki wagtda şu ýylda bäsleşige gatnaşmaly bolan 18 artist indiki ýylda gitjekdiklerini aýtdylar.
Belläp geçsek, Ýewropa aýdymynyň 65-nji bäsleşigi 12-nji maýdan 16-njy maý aralygynda Rotterdamda geçirilmelidi. 31-nji martda “Ýewrowideniýäniň” konsert zalyndaky şou hökmünde ýatyrylýandygy belli boldy. Bäsleşigiň geçmeli ýeri bolan Ahoy meýdançasy koronawirus bilen kesellänler üçin hassahana öwrüldi.

15.03.2026 23:03
4.1k+

Blackpink toparynyň aýdymçysy Roze Levi’s brendiniň ýüzi boldy

Ady belli K-pop topary Blackpink-iň aýdymçysy Roze Levi’s brendiniň täze global ilçisi boldy. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde brend «Backstory» atly gysga wideony hödürledi. Onda aýdymçy gyz özüniň döredijilik ýoly we geýiniş stili barada gürrüň berýär...

07.03.2026 19:41
6.7k+

Caviar bahasy 11 490 dollara çenli ýetýän Galaxy S26 Ultra kolleksiýasyny çykardy

Caviar kompaniýasy Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonynyň "Totem Collection" diýlip atlandyrylýan täze premium görnüşlerini hödürledi. Bu ýörite seriýa simwoliki jandarlardan, ýagny atdan, ýolbarsdan, möjekden we laçyndan ylham alnyp döredilen modelleri öz içine alýar...

04.03.2026 15:33
1.7k+

Louis Vuitton kompaniýasy Pasha baýramyna bagyşlanan şokolad şekiljikleriniň kolleksiýasyny çykarar

Louis Vuitton fransuz modalar öýi 2026-njy ýylyň Pasha baýramyna bagyşlanan Pasha süýji önümleri kolleksiýasynyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Satuwlar 13-nji martda başlaýar. Bu setir üç önümi öz içine alar: Egg Bag we mini Egg Bag görnüşindäki şokolad önümleri, şeýle hem towuk jüýjesiniň şekiljigi...

02.03.2026 16:04
1.2k+

Denim estetikasy ýüzüne siňen Lili-Rouz Depp Chanel-iň täze «Coco Denim» kolleksiýasyny görkezdi

Hypebae neşiriniň habar bermegine görä, Chanel modalar öýi «Coco Denim» atly täze çäklendirilen makiýaž kolleksiýasyny görkezdi. Onuň ýüzi hökmünde bolsa aktrisa we brendiň ilçisi Lili-Rouz Depp çykyş etdi. Mahabat kampaniýasynda Depp önümleriň esasy aýratynlyklaryny görkezýär...